Odessa sebitiniň energiýa infrastrukturasyna gije urlan zarbalar sebäpli 73 müňden gowrak sarp ediji elektriksiz galdy, dikeldiş işleri dowam edýär diýip, Ukrainanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Artem Nekrasow 19-njy dekabrda geçirilen brifingde aýtdy.
Dnepropetrowsk sebitinde 26 müňden gowrak müşderi elektriksiz galdy.
Onuň sözlerine görä, Orsýet bilen serhetdeş we front liniýalaryna golaý sebitlerde ýagdaý iň agyr bolmagynda galýar. Rus goşunlary Donetsk, Zaporižiýa, Sumy, Harkow, Herson we Çernihow sebitlerinde yzygiderli hüjüm edýär, bu ýerde elektrik energiýasyny öndürmek, ibermek we paýlamak ulgamlaryna uly zyýan ýetdi diýip, ol aýtdy.
Odesa şäher harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Lysagyň sözlerine görä, 19-njy dekabr gijesi Orsýetiň Odesa eden hüjümi möhüm infrastruktura desgasyna zyýan ýetirip, bir etrabyň bir bölegini wagtlaýynça elektriksiz, suwsuz we ýylylyksyz galdyrdy.
Ol zarba tolkunynyň öýlere zyýan ýetirendigini we bir aýaly ýaralandygyny hem sözüne goşdy.
Wakanyň bolan ýerinde jemagat hojalygy hyzmatlarynyň ählisi işleýär diýip, habarda bellenýär.
Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdeliginiň maglumatyna görä, 19-njy dekabr gijesi Orsýetiň harby güýçleri Ukraina 160 pilotsuz uçar bilen zarba urdy, olaryň 108-si urlup gaçyryldy.